«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazyny Özbegistana, Gazagystana, şeýle hem gaz geçiriji ulgamlaryň özara birikdirilmegi şerti bilen Gyrgyzystana we Täjigistana ibermek üçin goşmaça sebit ugruny döretmäge mümkinçilik berip biler. Şunda hereket edýän eksport borçnamalary öňküsi ýaly saklanyp galar.Bu barada Ženewada ýerleşýän Ählumumy gaz merkeziniň (GGC) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy –2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde mälim etdi.
Ol bu taslamany «sözleriň işe öwrülýändiginiň ajaýyp nusgasy» diýip häsiýetlendirdi. Waleri Dýukronyň sözlerine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň soňky konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti turbageçiriji infrastruktura we elektrik üpjünçiligi ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada çykyş etdi. Dünýä bazarlaryndaky durnuksyzlyk şertlerinde uzakmöhletleýin energetika gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Dýukro Türkmenistanyň subut edilen tebigy gaz gorlarynyň 11 trillion kub metrden 13 trillion kub metrden gowrak möçbere çenli bahalandyrylýandygyny ýatlatdy. Bu görkeziji ýurdy dünýäde gazgorlary boýunça öňdebaryjy bäş döwletiň hataryna goşýar. Türkmenistanyň Hytaýa her ýyl 30 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz eksport edýändigini bellän Dýukro, Merkezi Aziýa —Hytaý gaz geçirijiler ulgamynyň ýyllyk kuwwatynyň 55 milliard kub metre barabardygyny aýtdy. Hytaýa çekilmegi meýilleşdirilýän goşmaça gaz geçiriji şahasy bolsa bu kuwwaty ýene-de 30 milliard kubmetr artdyrmaga mümkinçilik berer.
Onuň baha bermegine görä, Türkmenistanyň günortasynda we gündogarynda ýerleşýän ýurtlarda tebigy gaza bolan isleg artýar. Hindistan 2030-njy ýyla çenli tebigy gazyň ýurduň energiýa balansyndaky paýyny häzirki takmynan 6 göterimden 15 göterime ýetirmegi maksat edinýär. Pakistanyň ilaty bolsa takmynan 240 million adamabara bardyr.
Dýukro üç sany ileri tutulýan ugry aýratyn belledi: gaz geçiriji ulgamlaryň arasynda fiziki baglanyşyklary döretmek, maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri üpjün etmek we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak. Ol şeýle hem tebigy gazyň üpjünçilik zynjyrynyň ähli tapgyrlarynda metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň möhümdigini nygtady. Dýukronyň sözlerine görä, Ählumumy gaz merkezi (GGC) bazara gatnaşyjylaryň arasynda gepleşikleri alyp barmak üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş etmäge taýýardyr.