Turkmenportal
21.10.2026
1095910959
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda BMGÖM-iň goldaw bermegi bilen 60 lukmançylyk işgäri sanly başarnyklara eýe bolar

20-nji oktýabrdan 20-nji dekabra çenli döwürde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkeziniň müdirliginiň 60 lukmançylyk işgäri üçin sanly sowatlylyk boýunça okuw geçirilýär.

Okuw Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) goldaw bermegi bilen guraldy.

Bu başlangyç Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna, hususan-da, inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnama we ýokanç kesellere gözegçilik etmek boýunça maksatnamalara dürli innowasion sanly gurallary hem-de giň gerimde ornaşdyryp bolýan çözgütleri girizmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.

Okuw lukmanlara we beýleki saglygy goraýyş işgärlerine täze gurallar bilen işlemek üçin zerur bolan amaly sanly başarnyklary özleşdirmäge mümkinçilik berer. Olaryň hataryna inçekeseliň bejergisine wideo arkaly gözegçilik etmek ulgamy (VST), bejergi teswirnamalary ýerleşdirilen ykjam goşundy, QR-kodlaryň kömegi bilen lukmançylyk enjamlarynyň hasabyny ýöretmek we olary dolandyrmak ulgamy, şeýle hem CAD4TB emeli aň moduly bilen enjamlaşdyrylan göçme rentgen enjamlary girýär. Bu başarnyklar lukmançylyk kömeginiň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen agzalan tehnologiýalardan has netijeli peýdalanmaga ýardam eder.

Okuw maksatnamasy BMGÖM bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda sanly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin milli we ýerli derejedäki mümkinçilikleri pugtalandyrmaga gönükdirilen dowamly hyzmatdaşlygyň bir bölegidir. Ýerli derejede saglygy goraýyş işgärleriniň hünär mümkinçiliklerini ösdürmek we degişli edaralary bu işe çekmek innowasion sanly gurallary yzygiderli ulanmak hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin berk binýady döredýär. Şol bir wagtyň özünde, bu işler saglygy goraýyş ulgamyndaky milli ileri tutulýan ugurlaryň we durnukly ösüşiň has giň maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.