Turkmenportal logo
13.10.2026
83038303
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «MAMA. Ene tebigat» atly halkara sergi açylar

Ýakyn günlerde Türkmenistanda «MAMA. Ene tebigat» atly halkara sergi açylar. Sergi Haýdar Aliýew gaznasy hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guralýar.

«Report» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Elýasow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, Bakuwda geçirilen çärede mälim etdi. Diplomatyň sözlerine görä, sergi noýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Ilçi medeni-ynsanperwer ulgamynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidigini belledi. Onuň pikiriçe, Medeniýet günleriniň, sergileriň, festiwallaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Ilçi geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Baku we Gänje şäherlerinde geçirilendigini ýatlatdy. Şu ýylyň 5–7-nji iýunynda bolsa Azerbaýjanyň Medeniýet günleri Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçirildi.