Turkmenportal logo
Düýn 16:28
80378037
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň 100 ýyllygy bellenildi

Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry 1-nji oktýabrda 100 ýyllygyny belledi. Bu şanly sene mynasybetli Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin teatryň ýolbaşçylaryna we döredijilik toparyna gutlag hatyny iberdi. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Ilki bilen, bu sahnanyň taryhynyň Aşgabadyň we Türkmenistanyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny bellemek isleýärin. Bir asyryň dowamynda bu ýer rus teatr mekdebiniň, türkmen däpleriniň we dünýä dramaturgiýasynyň özboluşly utgaşýan mekany bolup gelýär. Beýik şahyr we ýazyjy A.S. Puşkiniň teatryň howandary hökmünde saýlanmagy hem çuňňur mana eýe bolup durýar. Rus sözüniň güýjüne esaslanýan we umumadamzat meselelerine ýüzlenýän onuň döredijilik mirasy Türkmenistanyň köpmilletli medeni mirasynyň tebigy bölegine öwrüldi» — diýip, ilçi gutlagynda belledi.

Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy iň kyn döwürlerde hem A.S. Puşkin adyndaky teatryň we onuň döredijilik toparynyň halk bilen bile bolandygyny, öz sungaty bilen adamlara ruhubelentlik berendigini nygtady. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda teatr artistleri hassahanalarda harby gullukçylaryň öňünde we gönüden-göni frontda çykyş etdiler.

Häzirki döwürde teatryň döwrebap repertuary hem bu däbiň dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär. Onda rus we daşary ýurt nusgawy ýazyjylarynyň eserleri, häzirki zaman dramaturgiýasy, komediýa eserleri hem-de çagalar üçin spektakllar özara utgaşýar.

«Teatr sungaty Russiýa bilen Türkmenistan üçin hünär gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, tejribe alyşmagyň we rus dilini hem-de edebiýatyny wagyz etmegiň tebigy meýdançasyna öwrüldi. Yzygiderli geçirilýän gastrollar we döredijilik duşuşyklary toplanan mirasy gorap saklamaga, şol bir wagtyň özünde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Teatryň bir asyrlyk taryhynyň aňyrsynda ýüzlerçe adam — artistler we režissýorlar, dramaturglar we suratkeşler, sazandalar we mugallymlar, şeýle hem tehniki hünärmenler dur. Hut olaryň zehininiň, ussatlygynyň we öz işine wepalylygynyň netijesinde A.S. Puşkin adyndaky teatr dürli döwürleriň we nesilleriň çalyşmagyndan geçip, öz adyny we ähmiýetini gorap saklady» — diýip, diplomat sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy sahnanyň weteranlaryna we häzirki döredijilik toparyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. «Goý ikinji asyr täze sahna eserleriniň, döredijilik açyşlarynyň we halkara taslamalarynyň döwri bolsun. Goý bu ýerde beýik eserler bilen zehinli ýerine ýetirijiler mundan beýläk-de duşuşsyn, tomaşaçylaryň zalynda bolsa mynasyp el çarpyşmalar hiç wagt kesilmesin. Teatr toparyna ylham, hünär taýdan ösüş, minnetdar tomaşaçylaryň köp bolmagyny we şöhratly däpleriň mynasyp dowam etdirilmegini arzuw edýäris!» — diýip, diplomatik wekilhanada bellenildi.