Turkmenportal logo
01.10.2026
91719171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Daewoo E&C» kompaniýasy «TIF-2026» forumynda Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamasyny hödürledi

«Daewoo E&C» kompaniýasy Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ahal we Balkan welaýatlaryny durnukly suw bilen üpjün etmek üçin täze, döwrebaplaşdyrylan kanal gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Min Man Çžun Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF-2026) çykyşynda aýtdy.

«Bu taslamanyň maksady Ahal we Balkan welaýatlaryny durnukly suw bilen üpjün etmek üçin täze, döwrebaplaşdyrylan kanal gurmakdan ybarat. Taslama oba hojalygynda we senagatda ulanylýan suwuň ýitgilerini mümkin boldugyça azaltmaga gönükdirilendir» — diýip, ol belledi.

Min Man Çžun Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Seula amala aşyran saparynyň dowamynda öz kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekendigini ýatlatdy.

Çžunyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda taýýarlyk tapgyrynda bolan taslamanyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýän böleginiň uzynlygy takmynan 250 kilometre barabardyr. Ol Köpetdag suw howdanyndan başlanýar we Bereket suw howdanyna çenli uzalyp gidýär.

Taslamanyň esasy maksady könelişen kanal desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we suw bilen üpjünçiligiň durnukly ulgamyny döretmekden ybaratdyr.