Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy — 2026 (TIF 2026) öz işine başlady. 1–2-nji oktýabrda iki günüň dowamynda geçirilýän bu çäre maýa goýujylary, maliýe edaralarynyň wekillerini, pudak ýolbaşçylaryny we işewürler jemgyýetiniň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemledi. Guramaçylar forumy sebitdäki iň möhüm maýa goýum çäreleriniň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Döwlet Baştutany öz Gutlagynda forumy konstruktiw dialog üçin döredilen, innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýän şertlerde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen möhüm platforma hökmünde görkezdi. Prezidentiň belleýşi ýaly, bu çäre pudaklaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem sanly tehnologiýalary we «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Merkezi Aziýadaky amatly geosyýasy we geo-ykdysady ýerleşişiniň, şeýle hem Türkmenistanyň baý çig mal serişdeleriniň maýa goýumlary üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, forumyň esasy maksady daşary ýurtly maýa goýujylar, halkara maliýe-bank düzümleri, döwlet edaralary we Türkmenistanyň hususy pudagynyň arasynda dialogy giňeltmekden ybarat.
«Biz mundan beýläk-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde çuňňur oýlanyşykly we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maýa goýum syýasatyny amala aşyrmagy üstünlikli dowam etdireris» — diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Forum Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan «Türkmen Kongress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Çäräniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Forumyň açylyş dabarasy «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly umumy mejlis bilen dowam etdi.
Forumyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde B2G görnüşindäki duşuşyklar, maýa goýum hyzmatdaşlaryny saýlamak boýunça mejlisler, şeýle hem halkara maliýe guramalarynyň we eksport-karz agentlikleriniň wekilleri bilen seminarlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjylar infrastruktura, senagat, energetika we tehnologiýalar pudaklaryndaky iri taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem olar işewür toparlaryň, döwlet edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen täze gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik alarlar.
Forumyň işi 2-nji oktýabrda dowam etdiriler.