Turkmenportal logo
Düýn 10:30
82378237
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Hazar deňziniň üsti bilen täze ulag geçelgesini döretmegi teklip etdi

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän sebitara ulag geçelgesini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy çekişmelerinde eden çykyşynda mälim etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistika we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Halkara merkezini döretmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.

«Şeýle Merkez amallary bitewileşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, üstaşyr geçişleri sanlylaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmek üçin amaly platforma bolup biler» — diýlip, çykyşda bellenilýär.