Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 7-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň (DIMG) mejlisine gatnaşar. Bu barada 30-njy sentýabrda geçirilen brifingde Russiýa Federasiýasynyň DIM-iniň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Onuň sözlerine görä, mejlis Aşgabadyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Arkalaşygyň şu ýyldaky işiniň deslapky netijelerini jemlärler we GDA-nyň çäklerindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşarlar. 2026-njy ýylda bellenilýän guramanyň 35 ýyllygy temasyna aýratyn üns berler. Mundan başga-da, ministrler sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça medeni-ynsanperwer we hukuk ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy artdyrmaga, şeýle hem GDA-nyň içindäki daşary syýasy utgaşdyrmany ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe kararlaryň kabul edilmegine garaşylýar.
Zaharowa çäräniň çäklerinde ministrleriň 2027-nji ýyl üçin DIM-ara köp derejeli maslahatlaşmalaryň meýilnamasyny tassyklamalydygyny we GDA-nyň DIMG-niň nobatdaky mejlisiniň senesini hem-de geçiriljek ýerini ylalaşmalydygyny sözüniň üstüne goşdy.
Makullanan resminamalaryň köpüsi, däp bolşy ýaly, 9-njy oktýabrda şol ýerde, Awazada geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň garamagyna hödürleniler. Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi bolsa 2026-njy ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçiriler.