Turkmenportal logo
30.09.2026
2073420734
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Murat Boz 9-10-njy oktýabrda Türkmenistanda konsert berjekdigini mälim etdi

Türk aýdymçysy Murat Boz özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda güýzki konsertleriniň meýilnamasyny paýlaşdy, olaryň hataryna Türkmenistanda geçiriljek konsert hem girdi. Meýilnamada görkezilen senelere görä, Türkmenistandaky çykyşlar 9-njy we 10-njy oktýabr günlerine meýilleşdirilýär.

Meýilnamada konsertleriň geçiriljek ýerleri, başlanýan wagty we giriş şertleri görkezilmändir. Şeýle hem konsertleriň Türkmenistanyň haýsy şäherlerinde boljakdygy takyklanmaýar. Habar çykan wagtyna çenli guramaçylardan resmi düşündiriş berilmändir.

Aýdymçy ozal hem ýurtda çykyş edipdi. «Turkmenportal» saýtynyň ozal habar berşi ýaly, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Murat Boz Aşgabatda Täze ýyl konsertini beripdi.

Meýilnamadan Türkmenistandan başga-da, beýleki ýurtlardaky konsertler hem orun aldy. Oňa görä, aýdymçy 3-nji oktýabrda Kiprde («Lord Place»), 4-nji oktýabrda Gaziantepde «Kültür ýolu» festiwalynda, 11-nji oktýabrda bolsa Baku şäherindäki ýörite agşamda çykyş eder. Soňra Diýarbekirde (17-nji oktýabr), Alaniýada (29-njy oktýabr), Antaliýada (31-nji oktýabr) we Adanada (8-nji noýabr) konsertler, şeýle hem 24-nji oktýabrda «Günay» restoranynda çykyş görkezilýär.

Murat Boz 1980-nji ýylyň 23-nji martynda Stambulda dünýä inýär. Ol türk aýdymçysy, aýdymlaryň awtory we aktýor, häzirki zaman türk pop-sahnasyyň tanymal ýerine ýetirijileriniň biridir. Onuň «Aşkı Bulamam Ben», «Uçurum» we «Geri Dön» ýaly aýdymlary Türkiýäniň daşynda hem meşhurdyr. Aýdym-saz karýerasyndan başga-da, ol filmlerde, seriallarda surata düşdi we şowhunly telewizion taslamalara gatnaşdy.