Turkmenportal logo
30.09.2026
1396813968
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Hormat haty bilen sylaglandy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Hormat haty bilen sylaglandy. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hormat haty türkmen ýokary okuw mekdebine ýapon dilini öwretmegiň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin gowşuryldy.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Hormat haty halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda aýratyn ähmiýetli üstünlikleri gazanan we Ýaponiýa bilen beýleki ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşan şahslara hem-de guramalara gowşurylýar.

Şu ýyl Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Hormat haty 159 adama we 67 gurama berildi.