Turkmenportal logo
29.09.2026
91789178
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly agyr atletikaçy Ýaponiyadaky Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy 

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy topary Nagoýada geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda ýurduň medallar gaznasyny ýene bir baýrak bilen baýlaşdyrdy. 22 ýaşly Şahzadbek Matýakubow 110 kg çenli agram derejesinde kümüş medala eýe boldy.

Ýaryşyň final tapgyry 29 sentýabrda «Nagoya City Trade and Industry Center» merkezinde geçirildi. Türkmen türgeni iki görnüşiň jemi boýunça 410 kg (silterläp götermekde 188 kg we itekläp götermekde 222 kg) netije görkezdi.

Ýaryşyň altyn medaly 423 kg (197+226) netije bilen ýaryşyň ýeňijisi bolan Özbegistanyň wekili A.Juraýewe gowşuryldy. Bürünç medaly bolsa jemi 405 kg (185+220) netije görkezen Hytaýyň wekili H.Lýu gazandy.

Bu baýrak Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki Oýunlardaky ikinji medaly boldy. Mundan öň, karate boýunça 75 kg çenli agram derejesinde Dawut Nazmyradow kümüş medal gazanypdy.

XX tomusky Aziýa oýunlary Nagoýada 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabr aralygynda geçirilýär. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 57 adam, şol sanda sekiz görnüş boýunça 34 türgen wekilçilik edýär.