Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň milli baýramy — ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem geçen döwürde Bitarap Türkmenistanyň ähli ulgamlarda okgunly ösüp, ýurtda parahatçylygyň we agzybirligiň berkarar bolandygyny, durmuş-ykdysady ulgamda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Bu barada TDH habar berýär.
«Soňky ýyllarda ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy hem barha artýar, bu bolsa hakyky dogan hökmünde bizi buýsandyrýar. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, özara hormat goýmak, ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklarymyzyň geljekde hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn» diýip, Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we mundan beýläk-de ösüş arzuw etdi.