Turkmenportal logo
26.09.2026
84128412
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropada rekord yssy şampan çakyryny güýçlendirdi
Surat: pogoda.mail.ru

Üzümiň düzüminde şekeriň köp bolmagy şampan çakyryndaky alkogolyň derejesini ýokarlandyrdy. Emma täze çig maldan ýasalan ilkinji içgili çüýşeler 2028-nji ýyldan bäri satuwda peýda bolmaz diýip, «pogoda.mail.ru» ýazýar.

Ýewropadaky görülmedik yssy Şampanlardaky üzümçilik möwsümine güýçli täsir etdi. 2026-njy ýylyň hasyly sebitiň taryhynda iň irki boldy. Üzüm ýygmak işleri eýýäm 6-njy awgustda başlandy, 17-sine bolsa, işler gyzgalaňly gidýärdi. Bu 2025-nji ýyldakydan tas iki hepde irdir. «Fox Weather» neşiriniň ýazmagyna görä, hasylyň şeýle ir ýetişmegine adatdan daşary ýokary temperatura sebäp bolupdyr, yssy tolkunlary netijesinde hasyl adatdakydan kän şeker toplady.

Netijede, şekeriň artmagy çakyrda alkogolyň köpelmegine getirdi. Şonuň üçin Fransiýanyň Gelip çykyş we hil instituty berkligi adaty 13 göterimiň ýerine 15 göterim bolan şampan çakyryny satmaga rugsat berdi. Emma birnäçe ýyl saklamalydygy sebäpli içgini 2028-nji ýyldan bäri dadyp bolmaz diýip, hünärmenler belleýärler.