Turkmenportal logo
26.09.2026
1999019990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentine Mangistaudaky pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Mangistau welaýatynda bolup geçen adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany şu kyn pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.