Turkmenportal logo
25.09.2026
94499449
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýaly kino aktrisasy we aýdymçy Marina Wladi aradan çykdy

Fransuz kino aktrisasy, aýdymçy hem-de ýazyjy zenan Marina Wladi 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «BFMTV» teleýaýlymyna salgylanýan «belta.by» habar berdi.

Marina Wladi (Ýekaterina-Marina Polýakowa-Baýdarowa) 1938-njy ýylyň 10-njy maýynda Klişede 1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan soňra Russiýadan gaçan bosgunlaryň maşgalasynda dünýä indi. Çagaka balet bilen meşgullandy, soňra aktýorlyk kärini saýlady. Ol 10 ýaşyndaka kinoda ilkinji keşbini döretdi. 100 töweregi filmde surata düşdi.

Marina Wladi tanymal rus aýdymçysy, şahyr Wladimir Wysoskiniň aýalydy. Wysoskiý aradan çykandan soňra oňa «Wladimir ýa-da arasy kesilen uçuş» diýen kitaby bagyşlady hem-de adybir sahna eserini döretdi.