Turkmenportal logo
Düýn 13:52
1106011060
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilçi: Pakistan we Türkmenistan ýük we täjirçilik  maksatly howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmana taýýar

Pakistan we Türkmenistan ýakyn wagtyň içinde iki ýurduň arasynda ýük we täjirçilik maskatly howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmaga taýýardyklaryny bildirdiler. Bu barada Pakistanyň Aşgabatdaky ilçisi Farýal Legariniň sözlerine salgylanyp, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

«Pakistan we Türkmenistan göni howa gatnawlaryndan başga-da, awtomobil we demir ýol ulgamlary arkaly sebitara baglanyşyga ünsi jemlemek arkaly uly bähbitleri gazanyp bilerler. Iki tarapyň hem ýakyn geljekde ýük we täjirçilik howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmaga taýýardyklaryny bildirmegi guwandyryjydyr» diýip, F.Legari Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan makalasynda ýazdy.

Diplomatyň sözlerine görä, göni awiagatnawlar diňe bir adamlar arasyndaky aragatnaşyklary çuňlaşdyrman, eýsem, ikitaraplaýyn söwdanyň, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine hem ýardam eder.

F.Legari Pakistanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden ýurtlaryň biridigini ýatlatdy. Onuň sözlerine görä, özbaşdak türkmen döwletiniň kemala gelýän döwründe ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar şondan bäri dostlugyň we durnukly gepleşikleriň binýady bolup hyzmat edýär. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň hem-de Pakistanyň sebit howpsuzlygyna we durnuklylygyna ygrarlylygynyň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini belledi.