Turkmenportal logo
Şu gün 10:52
41614161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda seýrek ösümlikleriň tohumlaryny ýygnamak möwsümi başlanýar

Türkmenistanda seýrek ösümlikleriň tohumlaryny ýygnamak möwsümi başlanýar. Häzirki wagtda eýýäm Atabaýewiň haramçybygynyň, ýandagyň we göýüliň miweleýändigi bellenildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Ekologlar tohumlary ýygnap, olary Türkmenistanyň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň çägindäki ýörite bellenen nahalhanalarda ekýärler. Bu ýerde dürli ýaşdaky arçalaryň ýurdumyzdaky ýeke-täk janly toplumy ýerleşýär.

Nahallary ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen nahalhanalar tebigy şertlere mümkin boldugyça ýakyn şertlerde guralypdyr.

Goraghananyň çäklerindäki çäkli goraghanalaryň biriniň ýanyndaky açyk meýdanda ýerleşýän iki gektarlyk nahalhanada eýýäm üçünji ýyl bu ugur boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ýerde arçadan we pisseden başga-da ösümlikleriň birnäçe seýrek görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Hoz miweliler we arça ýaly çylşyrymly gögerýän ösümlikleriň tohumlary uzak wagtlap «oýlanýarlar» — olar ekilenden üç ýyldan soň hem gögerip bilýärler. Şonuň üçin bir gapda birnäçe tohum ýerleşdirilýär.

Şu ýyl 1000 gaba 150 kilogram pisse tohumy ekildi we olaryň diňe käbirinden gögeriş alyndy. Arçanyň nahallary nahalhanada bary-ýogy bir ýyl saklanýar. Soňra giçki güýz döwründe olar öz tebigy gurşawyna gaýtarylýar. Ekologlar ýaş arçalaryň ösüşine gözegçilik etmek mümkinçiligi bolmagy üçin olary gözegçilik ýodalaryna golaý ýerlerde ekmäge çalyşýarlar.

Ösümlik entek örän kiçikä tebigy şertlere çalt uýgunlaşýar, şonuň üçin oňa aýratyn howa şertlerine öwrenişmek döwri asla zerur bolmaýar.