Turkmenportal logo
Şu gün 08:59
39673967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda pagta önümleri we buýan satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri trikotaž önümlerini, wafel matany, nah ýüplügi, pagta lintini, arassalanan pagta galyndylaryny, buýan köküniň ekstraktyny, buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar. 

Ýerli işewürler içerki bazar üçin bahasy 260 müň manada deň bolan nah matany satyn aldylar.