Turkmenportal logo
Şu gün 08:33
23882388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň baştutanyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Prabowo Subianto tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Indoneziýanyň Garaşsyzlyk güni her ýyl 17-nji awgustda bellenilýär.