Turkmenportal logo
Düýn 15:21
81848184
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýan türkiýeli ilçi bilen duşuşyk geçirildi

15-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Demirok özüniň diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge iki doganlyk halklaryň ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmegiň esasy faktory bolup durýandygy bellenildi. Taraplar abraýly halkara we sebit guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde özara hereketleriň oňyn tejribelerini dowam etdirmek boýunça hem gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere hem seretdiler. Şunda taraplar söwda gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen nygtadylar we haryt dolanyşygynyň ýokarlandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Diplomatlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek babatynda özara garaýyşlary tassykladylar.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçä türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekki hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.