Turkmenportal logo
Düýn 15:52
1162211622
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandan öý haýwanyny alyp gitmek üçin nämeleri bilmeli?

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini, olaryň böleklerini we ondan öndürilen önümlerini, şol sanda seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan haýwanlaryň derejesine degişli edilen görnüşlerini getirmegiň we äkitmegiň tertibi ilkinji gezek eýesi hemişelik ýaşamaga başga döwlete göçüp gitjek bolanda öý haýwanyny alyp gitmek mümkinçiligini gönüden-göni göz öňünde tutýar. Muny amala aşyrmak üçin nämeleriň talap edilýändigini gözden geçireliň.

Rugsatnama hökmanydyr: Haýwany Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmäge diňe ygtyýarly edara — Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan berlen rugsatnama bolan ýagdaýynda ýol berilýär. Bu resminama bolmazdan haýwany serhetden alyp geçmek mümkin däl.

Nirä ýüz tutmaly: Rugsatnama almak üçin arza bilen ygtyýarly edara (Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine) ýüz tutulýar. Arzanyň ýanyna fiziki şahslar tarapyndan şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy hem-de bellenilen beýleki resminamalar goşulyp tabşyrylýar.

Haýsy resminamalar gerek: Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulmalydyr:

Türkmenistana getirmek we daşyna alyp gitmek meýilleşdirilýän haýwanlaryň görnüşleriniň türkmen, iňlis we rus dillerindäki atlary görkezilen sanawy, her görnüşiň sany we alnan ýeri barada maglumat;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan berlen, haýwanyň sagdynlygyny tassyklaýan weterinariýa resminamasy;

Haýwanyň suraty we ol baradaky doly maglumaty (görnüşiň ady, tebigatda tutulan ýeri ýa-da elde ösdürilip ýetişdirilen ýeri, eýesiniň ady, haýwanyň ýaşy, jynsy, reňki we beýleki aýratynlyklary) özünde jemleýän haýwanyň hasaba alyş şahadatnamasy;

Eger haýwan elde ösdürilip ýetişdirilen bolsa ony tassyklaýjy resminama (ýa-da tebigatdan tutulan bolsa bir gezeklik tölegli rugsatnamanyň nusgasy).

Möhletler: Ygtyýarly edara rugsatnama almak üçin berlen arza ol gowşurylan gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda seredilýär. Oňyn çözgüt kabul edilen halatynda, ýüz tutuja 3 (üç) iş gününiň dowamynda hat üsti bilen resmi habar berilýär.

Rugsatnamanyň hereket ediş möhleti: Rugsatnamanyň hereket ediş möhleti 30 (otuz) günden ybaratdyr. Görkezilen möhletde ulanylmadyk rugsatnama güýjüni ýitirýär we 10 (on) iş gününiň dowamynda ygtyýarly edara yzyna gaýtarylyp berilmäge degişlidir. Şondan soň ýüz tutujynyň rugsatnama almak üçin gaýtadan ýüz tutmaga hukugy bardyr.

Ulagda daşamak: Haýwanlar alyp gidilende olara şikes ýetmez ýaly ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdeleri peýdalanylmalydyr. Serhetden geçirmek bolsa diňe Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde guralýan weterinariýa gözegçilik nokatlaryndan amala aşyrylmalydyr.

Eger ýüz tutuja rugsatnama bermekden ýüz dönderilse: Rugsatnama bermekden ýüz döndermäge resminamalaryň doly bolmazlygy, olardaky maglumatyň takyk däl ýa-da ýoýulan bolmagy, alyp gitmegiň maksadynyň Tertibe laýyk gelmezligi esas bolup biler. Ýüz dönderilen ýagdaýynda, 3 (üç) iş gününiň dowamynda sebäpleri düşündirilip habar berilýär we olary aradan aýyrmak üçin 10 (on) iş gün möhlet berilýär. Şol möhletde kemçilikler düzedilip, resminamalar täzeden tabşyrylyp bilner. Şeýle hem ýüz döndermäge «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.

Aýratynlyk — seýrek duşýan görnüşler: Eger haýwan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen (seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan) görnüşlere degişli bolsa, ygtyýarly edaranyň teklibi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alnan ylalaşyk haty talap edilýär.