Turkmenportal logo
Şu gün 08:55
23012301
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýanyň Prezidentini Azat ediş güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Li Çže Mýona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.