Turkmenportal logo
Şu gün 18:40
24822482
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Pakistanyň Garaşsyzlyk güni we Jinnanyň doglan gününiň 150 ýyllygy bellenildi

Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Yslam Respublikasy Pakistan Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygyna we Pakistan döwletiniň düýbüni tutujy Muhammet Aly Jinnanyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Çäräniň çäklerinde Kaid-i-Azamyň durmuşyna we alyp baran işine bagyşlanan sergi hem guraldy.

​Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Faýhal çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň sözlerine görä, bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, umumy medeni gymmatlyklara hem-de parahatçylyga, durnuklylyga we energetika howpsuzlygyna ygrarlylyga esaslanýar.

​Ilçi Pakistanyň 1992-nji ýylda Türkmenistanyň özygtyýarlygyny ykrar eden ikinji ýurt bolandygyny, türkmen Bitaraplyk syýasatynyň ilkinji gezek Yslamabatda beýan edilendigini we 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde goldaw tapandygyny ýatlatdy. Ol şeýle hem Pakistanyň halkara jedellerini diplomatiýa ýoly bilen parahatçylykly ýagdaýda çözmäge, şol sanda ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dawada araçylyk tagallalaryna ygrarlydygyny belledi.

​Öz çykyşynda ilçi Muhammet Aly Jinnanyň — demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygyna we ähli raýatlaryň hukuklaryny goramaga ygrarlylyk ideýalarynyň häzirki Pakistan üçin ähmiýetini nygtap, Yslamabat bilen Aşgabatda, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkejekdigine umyt bildirdi.

​Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan gutlaglary ýetirip, bu senäniň Muhammet Aly Jinnanyň doglan gününiň 150 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň ähmiýetini belledi.

​Raşid Meredow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ilkinji resmi taýdan ykrar edilmeginiň 1995-nji ýylyň mart aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatdaky sammitiniň jemleýji jarnamasynda berkidilendigini, Pakistanyň bolsa şol ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň awtordaşy bolandygyny ýatlatdy.

​Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, şu günki günde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar bolsa bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berýär. Ol Pakistanyň ýolbaşçylarynyň 2024 we 2025-nji ýyllarda Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugy ýyly — 2028» atly kararnamasyny goldandygy üçin Pakistan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

​Raşid Meredow iki ýurdy birikdirýän infrastrukturalaýyn taslamalara, şol sanda TOPH gaz geçirijisine hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugru boýunça elektrik geçiriji we süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlaryny gurluşyk taslamalaryna aýratyn üns berip, olaryň ýakyn wagtda amala aşyrylmagynyň dowam etjekdigine ynam bildirdi.