Turkmenportal logo
Şu gün 14:05
66446644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Koreýanyň diplomatlary Dohada hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Koreýa Respublikasynyň Katardaky ilçisi Hon Jipio bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen diplomaty koreýaly kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreler barada maglumat berdi.

Mundan başga-da, ilçiler iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar.