Turkmenportal logo
Şu gün 12:46
60056005
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystan ŞHG-nyň sammitine we Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna taýýarlygyň soňky tapgyryny tamamlaýar

Gyrgyzystan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň baştutanlarynyň sammitini we Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlaryny geçirmek boýunça taýýarlygyň jemleýji tapgyryna gadam basýar. Bu barada «Kazinform» habar berýär.

ŞHG-na agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi gyrgyz tarapynyň başlyklyk etmeginde 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty — 1-nji sentýabry aralygynda Bişkekde geçiriler. Oňa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Paýtagtyň täze stadionynda Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň dabaraly açylyşynyň giň gerimli çäreleri geçiriler. Oýunlaryň esasy ýaryşlary, medeni we ylmy maksatnamasy 2–6-njy sentýabr aralygynda Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde we Kyrçyn jülgesinde geçiriler.

Çärelere taýýarlygyň çäklerinde sammitiň we oýunlaryň guramaçylyk, infrastruktura we logistika işlerini üpjün etmek üçin ýurduň dürli döwlet edaralary işe çekildi. Hususan-da, Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi çäreleriň lukmançylyk taýdan üpjün edilmegini, şol sanda göçme lukmançylyk bölümleriniň döredilmegini we işleri utgaşdyrmak boýunça dessin merkeziniň döredilmegini guraýar.

Mundan ozal Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli Gyrgyzystanda ýadygärlik kümüş puluň dolanyşyga girizilendigi habar berlipdi.