Turkmenportal logo
Şu gün 08:52
25822582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Bu şanly baýram halkyňyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň aýdyň beýany bolup, şol bir wagtyň özünde, halkyň geljegini özbaşdak kesgitlemäge bolan ymtylyşynyň nyşanydyr» diýip, döwlet Baştutany belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş arzuw etdi.