Turkmenportal logo
Düýn 23:10
97859785
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň täze metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky güwänama gowşuryldy

Arkadag şäheriniň täze metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky güwänama gowşuryldy. Bu baradaky hoş habary Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda din wekili Ý.Hojagulyýew beýan etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ol Arkadag şäherinde bina edilýän 30 müň orunlyk metjidi tutuş halkdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigini hem-de onuň ýurduň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede resmileşdirilendigi baradaky hoş habar ýetirdi.

Hajy Arkadag munuň üçin minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen beýik ynam üçin tutuş türkmen halkyna sagbolsun aýtdy.

Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň täze metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky güwänama gowşurylmagy mynasybetli anna güni şäheriň «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasyny bermek baradaky teklibi öňe sürdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri teklibi oňlap, toý sadakasynyň anna gününde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Toý sadakasynda ediljek ýagşy arzuwlar juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ýurtda haýyr işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň giň möçberli häsiýete eýedigini görkezer.