12-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) mejlisler zalynda Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçy düzümleri we hünärmenleri gatnaşdy diýip, TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan sergide Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meýilnamasyna garaldy.
Taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýeňilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.