Turkmenportal logo
Düýn 17:13
51295129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar adamzadyň taryhyndaky iň ýaramaz ýyly kesgitlediler
Surat: rg.ru

536-njy ýyl adamzadyň taryhynda iň ýaramaz ýyl bolsa gerek. Ýanardaglaryň güýçli atylmagy planetada açlygy we keselleri döreden uzak dowam eden sowuk howany getirdi. Bu barada «Futura» ylmy žurnaly habar berdi.

Mundan başga-da, 536-njy ýylda tutuş Ýewropada, Ýakyn Gündogarda hem-de Aziýanyň käbir ýerinde adaty bolmadyk tümlük hasaba alyndy. Wizantiýaly taryhçy Prokopiý Kesariliniň ýazgylaryna görä, Gün ýylboýy Aý kimin öçügsi şöhle saçyp durdy. Howanyň üýtgemegi Hytaýa tomusky gary getirdi, giden etraplarda hasyl harap boldy.

Howa külüň we  kükürdiň köp möçberde zyňylmagy bu ýagdaýlara sebäp boldy.

Mundan beýläkki ýanardag çogmalary, şol sanda häzirki zaman Salwadordaky Ilopango ýanardagynyň atylmagy howany has-da hapalady. Günüň öňi tutulyp, uzak wagtlap dowam eden ýaramaz netijelere getirdi. Şonda Demirgazyk ýarymşar soňky 2 müň ýylda özüniň iň sowuk döwrüne gadam basdy. Agaçlary öwrenmek arkaly alnan ylmy netijelere görä, ösümlikler igledi, pes boý aldy. Uzak dowam eden hasylsyzlyk açlygy getirdi, bu bolsa, ilaty tapdan gaçyrdy, keselleriň öňünde çäresiz etdi diýip, alymlar belleýärler.