Turkmenportal logo
Şu gün 16:54
66316631
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan YHG-niň Söwda-senagat edaralarynyň halkara maslahatyna gatnaşdy

12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna  agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara wideoaragatnaşyk maslahaty guraldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, onlaýn duşuşygyň dowamynda gurama agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda integrasiýasy we sebitara arabaglanyşyk meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Gurama agza döwletler bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek barada garaýyşlar beýan edildi.

Şeýle hem türkmen tarapy  sebitdäki maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin gurama agza ýurtlaryň telekeçileriniň gatnaşmagynda yzygiderli bilelikdäki sergileri we işewürlik maslahatlaryny guramak meselesine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geljekde hem YHG döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy durnukly we uzakmöhletli esasda ösdürmäge doly taýýardygy beýan edildi.