Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastyna Türkmenistandan 138 tonna goýun ýüňi eltildi. Bu barada «Rosselhoznadzor» müdirligi habar berýär.
12-nji awgustdaky maglumatlara görä, ýylyň başyndan bäri «Rosselhoznadzoryň» gözegçiligi astynda Ulýanowsk oblastyna Türkmenistandan umumy agramy 138,2 tonna bolan ýuwulan goýun ýüňüniň 7 tapgyry eltildi.
Şunlukda, 10-njy awgustda müdirligiň hünärmenleri Ulýanowska degişli kärhanalar üçin niýetlenen, agramy 19,6 tonna bolan ýüňüň nobatdaky tapgyryny barlagdan geçirdiler.
«Önüm soňky 12 aýyň dowamynda Türkmenistanyň welaýatlarynda öndürildi we ýuwuldy. Tapgyry resmileşdirmekde müdirligiň hünärmenleri Türkmenistanyň weterinariýa sertifikatlaryny «Merkuriý SWH» ulgamynda №3 görnüşli sertifikatlara täzeden resmileşdirdiler. Weterinariýa talaplarynyň bozulmagy ýüze çykarylmady» diýip, edaranyň saýtynda bellenilýär.