Turkmenportal logo
Düýn 10:52
49254925
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýüregi durup diri galan britaniýaly o dünýäni görendigini gürrüň berdi
Surat: gazeta.ru

Londonyň 60 ýaşly ýaşaýjysy ýüregi durup, o dünýäni görendigini gürrüň berdi diýip, «News18» neşiri habar berdi.

Şiwa Griwal atly aktýor aýaly Elison bilen otyrka, ýüregagyrysy tutdy. Zenan lukmanlary çagyrdy, olar erkek kişini hassahana ýerleşdirdiler. Şol ýerde hassanyň arteriýa damarynyň doly dykylandygyny hasaba aldylar.

Şol wagt Griwal eýýäm bu dünýäni terk edipdi. Onuň sözlerine görä, özüni göwresinden aýry duýup, fiziki dünýäden aýrylypdyr. Ol bu duýgyny suwda ýüzmek bilen deňeşdirdi, soňra ol äleme uçup barypdyr. «Men biraz wagt Aýyň üstünden uçdum hem-de asman daşlarynydyr giden älemi gördüm» diýip, erkek kişi gürrüň berdi.

Soňra näbelli güýçler oňa dürli ýaşaýşy görkezip, kim bolup ýaşasy gelýändigini sorapdyrlar. Emma Griwal yzyna dolanmagy we öz ömrüni ýaşasynyň gelýändigini ýokary güýçlere düşündiripdir. Hakykatda onuň ýüregi ýedi minut togtapdyr, emma bir aýlap huşsuz ýatypdyr. Aktýoryň sözlerine görä, başdan geçiren bu wakasy oňa durmuşyň gymmatyna düşünmäge kömek edipdir.