Turkmenportal logo
Şu gün 10:50
60666066
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Benilýuks ýurtlaryna diplomatlar üçin özara wiza düzgünini ýatyrmagy teklip etdi

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýussel şäherindäki edarada Benilýuks Bilelelşiginiň baş sekretary Ariadna Petridis bilen geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Benilýuks ýurtlarynyň diplomatik hem-de gulluk pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Bu barada türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň, gepleşikleriň, syýasy geňeşmeleriň we hünärmenleriň duşuşyklarynyň sanynyň artmagynyň özara saparlaryň hem-de resmi aragatnaşyklarynyň köpelmegine getirendigi bellenildi. S.Pälwanowyň sözlerine görä, diplomatik pasportlaryň eýeleri üçin wizalary ýatyrmak bu ösüş depginini goldamagyň amaly mehanizmi bolup biler, şeýle hem ýokary derejeli saparlary guramaga we institusional özara hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.

Benilýuks Bileleşiginiň baş sekretary guramada degişli ugur boýunça hyzmatdaşlykda toplanana tejribe we bar bolan kadalar barada durup geçip,  sekretariatyň ygtyýarlylygynyň çäginde bu mesele boýunça geljekki gepleşiklere ýardam etmäge taýýardygy bildirdi.

Şeýle-de taraplar Benilýuks bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlyk ugry boýunça tejribe alyşmak mümkinçiligini maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Benilýuksyň döwletleriň arasyndaky utgaşdyryş we durnukly sebitleýin mehanizmleriň işlemegi meselelerindäki köpýyllyk tejribä bolan gyzyklanmasyny belledi. Petridis bu başlangyja ýokary baha berip, Belgiýanyň, Niderlandlaryň we Lýuksemburgyň hyzmatdaşlygynyň bu günki günde howpsuzlyk, energetika, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş we ykdysadyýet ýaly ugurlary öz içine alýandygyny belledi.

Mundan başga-da, ilçi S.Pälwanow 2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabrynda Kronenberg şäherindäki (Niderlandlar) «Peelbergen» atçylyk sport merkezinde geçiriljek iri halkara atçylyk ýaryşynyň taýýarlygy barada habar berip, Benilýuks Bileleşiginiň wekillerini oňa gatnaşmaga çagyrdy.