Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby 2026/27-nji ýylyň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň ýaryşynyň Günbatar zolagynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişliginde dördünji sebetde düşdi. Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji derejeli klublar ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişligi 18-nji awgustda Malaýziýada, Aşgabat wagty bilen 17:00-da geçiriler.
Sebetleriň düzümi ýaryşyň Günbatar zolagyndaky saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlanandan soň kesgitlenildi. «Arkadag» toparçalaýyn tapgyryna Hindistanyň «Goa» klubyny 3:0 hasabynda ýeňip çykdy. Dördünji sebede giren Hindistanyň «Ist Bengal» kluby hem Kuweýtiň «Al Arabi» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy.
Günbatar zolagynyň birinji sebedine Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al Jazira», Iordaniýanyň «Al Husseýn», Saud Arabystanynyň «Al Tawun» we BAE-niň «Al Wahda» klublary girýär.
Ikinji sebede Kataryň «Al Raýan», Eýranyň «Gol Gohar», Özbegistanyň «Nasaf» we Yragyň «Al Şorta» toparlary düşdi.
Üçünji sebede Iordaniýanyň «Al-Faýsali», Bahreýniň «Al-Muharrak», Omanyň «Al-Sib» we Kuweýtiň «Al Kuweýt» klublary goşuldy.
«Arkadag» we «Ist Bengal» bilen birlikde dördünji sebede Bahreýniň «Al Halidiýa» hem-de Omanyň «Al Nahda» toparlary düşdi.
AFK-nyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna jemi 32 klub gatnaşar. Gatnaşyjylaryň arasynda ýaryşy ozal ýeňen bäş topar — «Al-Faýsali», «Al-Muharrak», «Al-Sib», «Al Kuwaýt» we «Nasaf» bar. Eýranyň «Gol Gohar» hem-de Malaýziýanyň «Kuçing Citi» klublary bolsa yklym derejesindäki ýaryşlarda ilkinji gezek çykyş eder. Toparlar sebetlere bölünende bir ýurduň klublarynyň bir toparça düşmegine ýol berilmeýär.
Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry 15-nji sentýabrda başlanar we öýde hem-de myhmançylykda geçirilýän duşuşyklary öz içine alýan aýlawly ulgam boýunça 2026-njy ýylyň 9-njy dekabryna çenli dowam eder. Ondan soň ýaryş 1/8 final tapgyryna (2027-nji ýylyň 9–18-nji fewraly) geçer. Çärýek final duşuşyklary 2–18-nji mart aralygynda, ýarym final duşuşyklary 6–14-nji aprel aralygynda geçiriler. Deslapky meýilnama boýunça 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda final duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Ýetip gelýän möwsümdäki AFK-2 Çempionlar ligasynyň ýaryşy Aziýanyň ähmiýeti boýunça klublaryň arasyndaky ikinji derejeli futbol ýaryşy bolup, ol AFK tarapyndan 22-nji gezek geçirilýär. Ýaryşyň ýeňijisi, eger içerki çempionatdaky çykyşy boýunça eýýäm şol ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmadyk bolsa, 2027/28-nji ýylyň möwsüminiň AFK-nyň Elit Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk alar.