Fransiýadaky «Grawlin» atom elektrik stansiýasynyň alty energiýa toplumynyň üçüsi mylkylaryň (meduzalaryň) hüjümi sebäpli işini bes etdi. Bu barada EDF energiýa operatory kompaniýasyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Mylkylaryň köpçülikleýin hüjüminiň stansiýany ulanmak boýunça düzgünlere laýyklykda, 3-nji we 4-nji toplumyň işini togtatmaga mejbur edendigi kompaniýanyň metbugat gullugynyň habarynda bellenýär. Häzirki wagtda 6-njy belgili reaktor doly güýjünde işleýär.
Operator-kompaniýa wakanyň enjamlaryň howpsuzlygyna, AES-iň işgärlerine hem-de daşky gurşawa täsir etmändigini habar berdi.
«Grawlin» atom elektrik stansiýasy Fransiýanyň demirgazygynda ýerleşýär. Onuň reaktorlaryny sowadýan suw Demirgazyk deňizden getirilýär.