Türkmen futbol kluby «Arkadag» AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda Hindistanyň «Goa» klubyndan 3:0 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy. Duşuşyk çarşenbe güni Arkadag şäherinde geçirildi.
Meýdança eýeleri 62-nji minutda hasaby açdylar. Garşydaş toparyň derwezesinden goly Meýlis Diniýew geçirdi. Üç minutdan soň Rahman Myratberdiýew «Arkadagyň» artykmaçlygyny iki gola ýetirdi. Duşuşygyň gutarnykly hasabyny 75-nji minutda Arzuwguly Sapargulyýew kesgitledi.
58-nji minutda duşuşygyň baş emini kömekçisi bilen maslahatlaşandan soň Didar Durdyýewiň geçiren goluny oýundan daşarky ýagdaý sebäpli hasaba almady.
Duşuşyk stadionyň münberiniň tomaşaçylardan doly ýagdaýda geçirildi. Stadionyň alyp baryjysynyň yglan etmegine görä, stadiona 10 müň janköýer gelipdir.
Şeýlelikde, «Arkadag» Aziýanyň klub ýaryşlarynyň derejesi boýunça ikinji orunda durýan AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. «Goa» bolsa yklymyň klub ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji orunda durýan AFK Çagyryş ligasynda çykyşyny dowam etdirer.
«Arkadagyň» toparçalaýyn tapgyrdaky garşydaşlary 18-nji awgustda geçiriljek bije çekişligiň netijesinde belli bolar.