19–20-nji awgustda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy geçiriler. Bu ýaryş 15-den gowrak ýurtdan gelen U8, U10 we U12 ýaş derejelerindäki ýaş küştçüleriň arasynda rapid we blis boýunça bäsleşikleri öz içine alýar. Bu ýaryş 19 — 22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň işewürlik we sport maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler.
Küşt tagtalarynyň başynda Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Eýrandan we başga-da birnäçe ýurtlardan ýaş türgenler duşuşarlar. Bäsleşikler Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) düzgünleri boýunça geçiriler.
Ýaş gatnaşyjylardan başga-da, Aşgabada halkara we milli küşt federasiýalarynyň wekilleri, Türkiýeden, Iordaniýadan, Kambojadan, Nepaldan, Pakistandan, Ýaponiýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan we Liwiýadan grossmeýsterler hem-de çempionlar gelerler. Guraýjylaryň bellemeklerine görä, bu çäre tejribe alyşmak we çagalaryň arasynda küşti ösdürmek ugrunda gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, ýaş küştçüleri, professional oýunçylary we halkara küşt bileleşigiň wekillerini bir meýdançada jemlemäge mümkinçilik berer.
Gatnaşyjylar we serginiň myhmanlary üçin goşmaça maksatnama hem taýýarlanyldy: erkin oýun zolagy döredildi, şeýle hem ussatlyk sapaklary, bilim maksatly çäreler, tanyşdyrylyşlar we küşt ýaryşlary geçiriler. Çagalaryň arasynda küşti ösdürmäge gyzyklanma bildirýän mugallymlar, tälimçiler we küşt maksatnamalaryny guraýjylar üçin aýratyn çäreler toplumy göz öňünde tutuldy.
Ýaryşyň guraýjylary we hyzmatdaşlary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Halkara mekdep küşti federasiýasy (ISCF), Türki küşt assosiasiýasy (TCA), Gazagystanyň küşt federasiýasynyň «Freedom Asian Chess Initiatives» (FACI) maksatnamasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy çykyş edýärler.
Bäsleşik Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriler we ol ýurtda guralýan ilkinji resmi halkara küşt ýaryşy bolar.