Alymlar suwasty ýelim döretdiler, ol suwda tiz gataýar hem-de birnäçe ýyllap berkligini saklaýar, ony hatda gaýtadan peýdalanyp hem bolýar. Bu ugurdaky ylmy barlaglaryň jemleri «Nature Communications» žurnalynda çap edildi.
Suw bilen işleşilende, adaty ýelimleriň esasy kynçylygy – suw onuň düzümini ýok edip ýa-da ýuwup aýryp bilýär. Alymlar BP16TPB diýip at berlen täze ýelime dimetilsulfoksid goşdular, hut şonuň hasabyna suw bilen galtaşanda, ýelim dykyz gurluşa eýe bolýar.
Synaglar keramikada, epoksid şepbikde we plastikada geçirildi, şonda serişde 10 sekuntdan soňra suwuň astynda ýokary ýelmeşmek häsiýetini görkezdi. Onsoňam ol üç ýyldan gowrak wagtlap suwuň astynda 2 kilogram agramy götermegi başardy.
Alymlar täze alnan jisimi suwasty binalarda abatlaýyş hem-de hyzmat ediş işleri geçirilende peýdalanyp boljakdygyny aýdýarlar.