Hindistan şeker önümçiliginiň möçberini köpeltmek üçin etil spirtiniň önümçiliginde ulanylýan şekerçiňrigi azaltmakçy. Sebäbi häzirki wagtda ýurtda şekeriň bahasy rekord derejä ýetdi. Bu barada Hökümetdäki hem-de ýerli şeker pudagyndaky çeşmelere salgylanýan «Reuters» agentligi habar berdi.
Şekeriň bahalary soňky aýda 10 göterim gymmatlady we azyndan üç aý şeýle bolmagynda galar diýlip çaklanýar. Hindistanda benziniň düzüminde 20 göterim etanolyň bolmagy boýunça döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýetişdirilýän şekerçiňrigiň 10 göterime golaýy etil spirtiniň önümçiliginde ulanylýar.
Ýurduň şekerçiňrik ösdürip ýetişdirmek boýunça öňdebaryjy ştatlarynyň ikisinde ygalyň az düşmegi geljek ýylyň hasyly babatda howatyrlanma döredýär. Netijede, teklibiň azalmagy şekeriň nyrhynyň gymmatlamagyna getirdi. Onuň öňüni almak üçin Hindistanyň Hökümeti etil spirtini şekerçiňrigiň şiresinden däl-de, mekgejöweniň we şalynyň suwundan almagy meýilleşdirýär. Bu çäreler şekeriň importyndan saklanmaga ýardam berer.