Turkmenportal logo
Şu gün 11:37
56445644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kriştianu Ronaldu Jorjina Rodriges bilen on ýyllyk gatnaşygyndan soň durmuş gurdy

Futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldu özüniň köp ýyldan bäri bile bolan ýoldaşy, model we influýenser Jorjina Rodrigese öýlendi. Nikalaşmagyň raýat dabarasy Portugaliýada geçirildi.

Portugaliýaly hüjümçi öz akkauntynda ýüzük dakylan iki eliň — çak edilişine görä, özüniň we aýalynyň elleriniň — suraty bilen paýlaşdy. Bu surat bary-ýogy ýarym sagadyň dowamynda halanandygy barada üç milliondan gowrak oňyn täsir aldy.

Portugaliýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu wakany «ýylyň toýy» diýip atlandyrýarlar. Olaryň maglumatlaryna görä, durmuş gurýanlar 11-nji awgustda Lissabonyň golaýyndaky Kaşkaýş kenarýaka şäherçesinde nikalaryny resmi taýdan bellige aldylar. Dabarada olaryň bäş çagasynyň hemmesi gatnaşdy.

Ronaldu bilen Rodriges eýýäm on ýyl bäri bile. Olar Madriddäki «Gucci» butik dükanynda tanyşypdylar. Şol döwürde Jorjina şol ýerde işleýärdi, futbolçy bolsa Madridiň «Real» klubynyň düzüminde çykyş edýärdi. Jübüt nikalaşmak baradaky meýillerini takyk bir ýyl ozal — 11-nji awgustda yglan edipdi. Şonda Rodriges uly göwrümli ýüzügiň suratyny paýlaşyp, ispan dilindäki ýazgy bilen durmuşa çykmaga razylygyny bildiripdi.

Ronaldu öz futbol ýolunyň dowamynda Lissabonyň «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid», «Juwentus», Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» klublarynyň hem-de Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edip, takmynan müň gol geçirdi. Ol ýaňy-ýakynda özüniň altynjy dünýä çempionatynda hem çykyş etdi. Bu dünýä çempionatlarynyň final tapgyrlaryna gatnaşmak boýunça rekord sany bolup, Ronaldu bu üstünligi argentinaly Lionel Messi bilen paýlaşýar.