Turkmenportal logo
12.08.2026
87298729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GAR-da ýagan gar ýollarda kynçylyklary döredýär
Surat: gazeta.ru

Günorta Afrika Respublikasynda sowuk we garly hepdä garaşylýar diýip, milli meteorologik gulluga salgylanýan SABC teleýaýlymy habar berdi. Ýurduň çäginiň köp ýerinde gar ýagmagyna, güýçli şemala hem-de harasata garaşylýar.  «Raýatlara howa maglumatyny yzarlamak hem-de seresaplylyk boýunça zerur çäreleri görmek maslahat berilýär, sebäbi howa şertleriniň ýaramazlaşmagyna garaşylýar» diýlip, teleýaýlymyň saýtynda bellenýär.

Ýurduň sebitleriniň birgideninde eýýäm gar düşdi, bu bolsa, ýerli awtoulag eýeleri üçin kynçylyklary döretdi. «Esasy awtoulag ýollaryna, şol sanda N3, R617, R74, N6 we N9 garaýollara zeper ýetdi. Ýollaryň käbir bölekleri ýapyk, käbiri hereket üçin howply. Sürüjileri örän seresap bolmaga ýa-da zerur boldugyça ýola gitmekden saklanmaga çagyrýarlar» diýip, «The Independent Online» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Kwazulu-Natal gara ýolunda ýük ulaglary garda galdy, internetde ýerleşdirilen fotosuratlarda birnäçe santimetre ýetýän gar üýşmekleri görünýär.