Turkmenportal logo
12.08.2026
70657065
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp Infantinony wezipesinden aýyrmazlyga çagyrdy
Surat: open.kg

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň tankyt edilmegi bilen baglylykda, onuň işden gitmegine garşylyk bildirdi. Bu barada amerikan lideri «Truth Social» torunda: «FIFA eger haýsydyr bir sebäbe görä, Janni Infantinony çalyşmak barada pikir hem edäýse, elhenç ýalňyşlyk goýberer» diýip ýazdy. Tramp Infantinonyň «iň şowly dünýä çempionatyny geçirendigini» ýene bir gezek belledi. Onuň pikiriçe, FIFA-nyň häzirki başlygysyz hiç bir dünýä çempionaty mundan beýläk girdejili bolup bilmez.

Futbol guramalaryň, şol sanda Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşiginiň (UEFA) Infantino bilen açyk gapma-garşylygy iýulda häzirki prezidentiň dünýä ilkinjiligi ýaryşlaryna hususy maýa goýumçylary çekmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge synanyşygyndan soňra başlandy. Infantinonyň maksatnamasyny tankytlaýjylar ony girdejileri artdyrmak maksady bilen, futbolyň, oýnçylaryň we janköýerleriň bähbitlerini gözden salmakda aýypladylar. «FIFA-nyň ýolbaşçysy taslamadan ýüz öwürdi, emma bu onuň işden gitmegini talap edýän garşydaşlaryny köşeşdirmedi» diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.