Turkmenportal logo
12.08.2026
54415441
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kolumbiýadaky ýertitreme metbugatda
Surat: ria.ru

10-njy awgustda – hepdäniň duşenbe güni irden Kolumbiýanyň Çoko departamentiniň San-Hose-del-Palmar şäheriniň golaýynda bolan güýji 7,4 bal ýer sarsgynynda heläk bolanlaryň sany 132-ä ýetdi, 570 adam dürli derejeli ýaralandy. Özem bu görkeziji sagatsaýyn täzelenýär. Bu barada ýerli we dünýä habar beriş serişdeleri ýazýarlar.

Kolumbiýanyň Hökümeti tarapyndan umumymilli derejeli betbagtlyk diýlip yglan edilen tebigy hadysa bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy ýurduň Hökümetini islendik meselede goldajakdygyny mälim etdi. Bu barada guramanyň başlygynyň wezipesin ýerine ýetiriji Karl Saku habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Ýerasty sarsgynlardan soňra ýurduň Kali şäherinde azyndan 883 adamyň lukmançylyk kömegini sorap ýüz tutandygyny «BluRadio» ýaýlymyna salgylanýan «Ria.ru» ýazýar.

«MIR 24» ýertitremäniň goňşy ýurtlarda-da özüni bildirendigini, Kolumbiýada 37 öýüň ýumrulandygyny, 18 saglygy goraýyş merkeziniň ejir çekendigini, 52 mekdebe, 18 ýola we 7 howa menziline we 1575 öýe zeper ýetendigini habar berýär. Iň köp ejir çeken Manisales şäheri boldy, ol ýerde ýurtda 33 ýyllap iň beýik bina bolan Rozariýa Bibimerýeminiň katolik kafedral soborynyň diňi ýykyldy. 

Ýertitreme ýurtda täze Prezident saýlanandan birnäçe gün soňra boldy.

«Rg.ru» öz gezeginde kolumbiýaly halas edijileriň Kali şäherinde ýykylan binanyň aşagyndan alty aýlyk bäbekli zenany halas edendiklerini gürrüň berýär. Bäbege kiçeňräk ýara düşüpdir, oňa eýýäm lukmançylyk kömegi berildi.

Beýleki bir binanyň habarasynyň aşagynda garry är-aýalyň we olaryň ýedi aýlyk agtygynyň üstünden bardylar. Olary halas etmek işleri dowam edýär.