Turkmenportal logo
Düýn 16:56
98929892
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işleri barada pikir alşyldy

10-njy awgustda Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça baş sekretarynyň orunbasary Dato Saýed Hasrin Tengku Hussin «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» (PC(T)SB) kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň esasy ugurlaryna, şeýle hem Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde nebitgaz ulgamynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seretdiler. Malaýziýa kompaniýalarynyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT-2026) atly 31-nji halkara sergisinedir maslahatyna gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.