Turkmenportal logo
11.08.2026
1218012180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany 2,2 esse artdy
Surat: daryo.uz

2026-njy ýylyň ýanwar-iýuny aralygynda Özbegistana okamak üçin 21 042 sany daşary ýurtly geldi. Bu barada Statistika boýunça milli komitete salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.

Ýagny geçen ýarym ýylda Respublikada daşary ýurtly talyplaryň sany 11,5 müň adam köpeldi, bu 2025-nji ýylyň degişli döwründäkiden 2,2 esse köpdür.

Soňky alty aýda ýurda iň köp okuwçy Türkmenistandan geldi – 9 207 adam. Hindistandan okamaga gelenleriň sany 3 723 adama, Täjigistandan gelenleriň sany 1 915 we Hytaýdan gelenleriň sany 951 adama deň boldy.

Gyrgyzystandan 834, Pakistandan — 689, Müsürden — 603, Günorta Koreýadan 526 sany ýaş oglan-gyzlar okamak bilen Özbegistany saýladylar.  Galyberse-de, Filippinleriň 367 we ABŞ-nyň 302 raýaty Özegistanda ýokary bilim almagy saýlady. Beýleki ýurtlardan gelenleriň umumy sany 1 925 adama deň boldy.