Turkmenportal logo
Şu gün 12:08
66326632
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awazada Hazar deňziniň güni mynasybetli ekologik çäre geçirildi
Surat: newscentralasia

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu başlangyç BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «Deňiz zibilleri we deňiz plastmassalary bilen göreşmek – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme» diýen toplumlaýyn taslamasynyň çäklerinde guramaçylykly geçirildi. Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň maliýe taýdan goldamagynda durmuşa geçirilýär.

Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Bilim ministrliginiň goldamagynda guraldy. Şeýle-de onuň çäginde Türkmenistanyň Içerki işler ministrliginiň we Goranmak ministrliginiň tematik sessiýalary geçirildi.

Ekologik aksiýa «Daýanç» sagaldyş merkezinde we «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Başlangyç gatnaşyjylaryň Hazar deňzi we tebigy gurşawy gorap saklamagyň wajyplygy baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga, şeýle hem tebigata has jogapkärli garaýşy kemala getirmäge gönükdirildi.

BMGÖM-niň hünärmenleri we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri gatnaşyjylary Hazaryň gaýtalanmajak bioköpdürlüligi bilen tanyşdyrdylar, plastik zibilleriň we mikroplastigiň ýaýramagynyň zyýany hakda, şeýle hem deňziň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça bilelikdäki çäreleriň zerurlygy barada gürrüň berdiler.

Amaly sessiýanyň çäklerinde çagalara suwda we kenarda howpsuzlyk çäreleri, tomus döwründe ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri, şeýle hem ilkinji kömegi bermegiň esaslary görkezildi.

«Hazary goragçylary» diýen interaktiw çäräniň dowamynda gatnaşyjylar suwda howpsuzlyga, bioköpdürlüligi we daşky gurşawy goramaga bagyşlanan ýumuşlary ýerine ýetirdiler, ekologik döredijilik ussahanasynda bolsa tebigata aýawly garamaga çagyrýan suratlary we plakatlary döretdiler.