Ýakyn wagtda Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlar.
Giň gerimli çärä 100-den gowrak sergä gatnaşyjynyň gelmegine garaşylýar. Olaryň arasynda diňe bir ýerli kompaniýalar we guramalar däl-de, eýsem daşary ýurtly kompaniýalar hem bar.
Häzirki wagtda sergä gatnaşyjy hökmünde şu kompaniýalar hasaba alyndy:
Russiýanyň kompaniýalary: Vertera (çagalar üçin sagdyn iýmit önümleri), ROXY-KIDS (täze doglan çagalar üçin önümler), Splat (agyz boşlugyna ideg serişdeleri), «Uwelka» (taýýar ertirlik önümleri);
Türkiýäniň kompaniýasy: Wee Baby (täze doglan çagalar üçin önümler);
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kompaniýalary: Sanosan (çagalar, bäbekler we eneler üçin kosmetika önümleri), VARTA (durmuşda ulanylýan batareýalar);
Ýaponiýanyň kompaniýasy: Omo-Oso (allergiýa döretmeýän çagalar üçin arlyklar);
Eýranyň kompaniýalary: Kalleh (süýt önümlerini öndüriji), Port de Kalleh (ýogurt öndürijisi), Sorima (ýogurt öndürijisi).
Mundan başga-da, sergide Türkmenistandaky Fransiýa instituty, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezi, Türkmenistandaky Amerikan merkezi, ÝUNISEF we beýleki halkara guramalar öz diwarlyklary bilen çykyş ederler.
Sergä gatnaşyjylaryň sanawy bilen «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň saýtynda tanşyp bilersiňiz.