«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Gol çekişmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň Owganystana iş saparynyň dowamynda amala aşyryldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ähtnamada taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.