Turkmenportal logo
Düýn 16:16
83748374
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň garry Prezident syrly ýagdaýda ýitdi

Kamerunda eýýäm iki aý bäri Prezident Pol Biýýany görmediler, onuň öz Watanynda soňky gezek görnenine şonça wagt geçdi. Döwlet Baştutanynyň şeýle uzak wagtlap ýitmegi saglygy barada aladalanmany döretdi.

93 ýaşly Biýýa 1982-nji ýyldan bäri döwletiň başyndadyr, geçen ýylyň noýabrynda ol saýlawlarda ýeňip, sekizinji möhlete gitdi. 7-nji iýunda Biýýa «gysga wagtlyk şahsy işi bilen Ýewropa gidýändigini» yglan etdi. Hökümet onuň Şweýsariýadadygyny tassyklady.

Kamerunyň Konstitusiýasy lideriň daşary ýurtda bolmak möhletini çäklendirmeýär, emma wise-prezidentiň ýurdy dolandyrmagy Prezidentiň saglygy barada myş-myşlara sebäp boldy diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.