«Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebitgaz ylmy-barlag institutynyň Maglumat-seljeriş merkezi tarapyndan onlaýn okuw sapaklary geçirildi. Ol parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek we olary tassyklamak üçin häzirki zaman usullaryna, hususan-da, hemra tehnologiýalaryna bagyşlandy.
Ussatnews.com saýtynyň hаbar bermegine görä, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu sapaklara «Döwletabatgazçykaryş», «Marygazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» önümçilik müdirlikleriniň, suwuklandyrylan gaz kärhanasynyň we «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.
Treninge gatnaşyjylar ýurdumyzyň gaz pudagynyň desgalarynda ekologik gözegçiligiň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy sanly gurallary ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw maksatnamasyna ekologik gözegçiligiň esasy ylmy-tehniki taraplary girizildi:
• Hemra arkaly zondirleme we spektrometriýa: fiziki esaslar, gazlaryň konsentrasiýasyny kesgitlemegiň matematiki usullary we maglumatlaryň takyklygyna baha bermek usullary.
• Halkara standartlary: metan syzmalary barada duýdurmak we oňa garşy çäre görmek ulgamy IMEO MARS, tassyklama (validasiýa) standartlary, şeýle hem OGMP 2.0 we Ýewropa Bileleşiginiň kadalaşdyryjy binýatlary bilen tanyşmak.
• Amaly ekologiýa: metanyň fiziki-himiki häsiýetnamasyny seljermek, nebitgaz pudagynda syzma mehanizmleri, olary azaltmak mümkinçilikleri we 2030-njy ýyla çenli zyňyndylary azaltmak boýunça Ýol kartasy.